Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa uçuşlarynyň sanyny artdyrýar

15:1417.04.2023
1
66267

«Türkmenistan» awiakompaniýasy aprel aýynyň ahyryndan Aşgabatdan Moskwa uçuşlary hepdede dört gezek amala aşyrar. Muny awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndaky satuwa çykarylan petekler baradaky maglumatlar hem subut edýär.

Indi Aşgabatdan Moskwa uçuşlar sişenbe, çarşenbe, anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar. Ozal awiakompaniýa Moskwa hepdede üç gezek — sişenbe, çarşenbe, anna günleri uçuşlary amala aşyrýardy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlarynyň Aşgabatdan Russiýanyň paýtagtyna, Moskwanyň merkezinden 45 km günorta-gündogarda ýerleşýän Domodedowo howa menziline uçýandygyny ýatladýarys.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Pekine (HHR), Delä (Hindistan), Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Gurbannazar ( 18.04.2023 )

Sizem hemise biletler satylyp gutarandan son hawar beryaniz onuraginden hawar berseniz gowy bolar.

10