Soňky habarlar

Arhiw

Sarahs serhetinden 700 müň tonnadan gowrak ýük daşaldy

12:0417.04.2023
0
41721

Eýranyň Gündogar «Demirgazyk — Günorta» ugry boýunça Sarahs serhetinden demir ýol arkaly 700 müň tonnadan gowrak ýük daşaldy. Bu barada «Иран.ру» habar berdi.

Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň habaryna görä, 2022-nji ýylyň 21-nji martyndan 2023-nji ýylyň 19-njy fewraly aralygynda Sarahs terminalyndan demir ýol arkaly jemi 737 müň tonna daşary ýurt harytlary daşalypdyr.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhediň uzynlygy 1,150 kilometr töweregi bolup, ol ýerde Eýranyň Golestan (Inçburun), Horasan-Rezawi (Sarahs, Lutfabad we Bajgyran) welaýatyndaky barlag-geçiriş nokatlary hereket edýär.

Ozal Türkmenistan bilen Eýranyň serhedindäki ýolagçy terminaly öz işine başlandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň