Çagalaryň doglan gününi Aşgabadyň nirelerinde belläp bolar: oýun meýdançaly kafeler we restoranlar

11:0517.04.2023
0
45017

Çagalar bir ýerde uzak wagtlap oturmagy halamaýar, olar hatda nahar başynda ýa-da baýramçylyk stolunyň başynda bolaýsyn, hökman oýun bilen güýmenmegiň ugruna çykýarlar. Eger çagaňyz ýuwaş bolsa, onda baýramçylyk dabarasyny öýde belleseňizem bolar, ýöne ol garagolja bolsa, hökman tebigata oturyşlyga ýa-da oýun meýdançalary bolan kafedir restoranlara gitmeseňiz bolmaz.

Çagalaryň doglan günleri ýaly maşgala dabaralaryny gyzgalaňly we joşgunly bellemek üçin Aşgabatda ýerleşýän oýun meýdançaly kafedir restoranlaryň sanawyny okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris.

Bellik: makala diňe tanyşdyrmak üçin taýýarlanyldy we mahabat maksatly däldir.

«Täsin» — bu özünde kafeni we çagalaryň oýnamagy üçin niýetlenen aýratyn oýun meýdançasyny jemleýän ýerdir. Çagalaryň oýun meýdançasynda bökmek üçin batut, şarjagazlar bilen üpjün edilen basseýn, oýun awtomatlary we has kiçi çagalar üçin oýun ýerleri bar. Bu ýerde adatça animatorlaryň gatnaşmagynda mowzuklaýyn agşamlar bellenilip geçilýär.

Ýerleşýän salgysy: «Aşgabadyň ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezi, Görogly köçesi, 3-nji gat. Telefon belgileri: (+993 12) 90 78 45, 14 11 14. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Hezzet» restorany oýun zolagyny iki bölege, işjeň oýunlary oýnamak üçin hem-de stol üstündäki oýunlary oýnamaga niýetlenen meýdançalara bölýär. Bu ýer häzirki wagtda Türkmenistanda stol üstündäki oýunlary oýnamak üçin iň köp sanky mümkinçilikleri özünde jemleýän restorandyr. Restoranda animatorlaryň gatnaşmagynda geçirilýän oýun şagalaňlary çagalara diňe bir lezzet almak däl-de, eýsem logiki pikirlenmegini ösdürmek, hyýaly döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek üçinem peýdalydyr.

Şeýle-de, bu ýerde çagalar üçin nahar bişirmek endiklerini ösdürýän kiçijik aşpezlik okuwlary geçirilýär.

Ýerleşýän salgysy: Oguzhan köçesiniň 5/7 jaýy (9-njy kiçi etrapça). Telefon belgisi: (+993 64) 71 78 14. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Dürli Döner» restoranynyň oýun meýdançasynda çagalar şarjagazlar bilen doldurylan basseýnde, ýüpli basgançaklarda oýnap bilýärler. Käbir günlerde restoran animatorlaryň gatnaşmagynda oýunly şagalaňlary hem guraýar.

Ýerleşýän salgysy: Ýylgaý Durdyýew köçesiniň 18-nji jaýy (ozalky Obýezdnoý), «Aýdyň» binasy. Telefon belgileri: (+993 12) 75 44 41, (+993 12) 75 44 42. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Şa Ýyldyz» restorany bilen ýanaşyk ýerde 5 ýaşa çenli çagalar üçin kiçijik oýun meýdançasy bar. Bu ýerde köp sanly agaçlaryň bolmagy restoranyň rahatlygyny artdyrýar.

Ýerleşýän salgysy: Türkmenbaşy şaýoly, 40A jaý (Parahat 1). Telefon belgisi: (+993 12) 45 46 47. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«AlpEt Steakhouse» hem çagalaryň arassa howada hezil edip oýnamagy üçin akaýyp mümkinçilikli ýerdir. «AlpEt Steakhouse» restoranynyň tomsuna esasy tapawutly aýratynlygy, bu ýerde suw çüwdürimleriniň bolmagydyr.

Ýerleşýän salgysy: Bagtyýarlyk köçesiniň 9-njy jaýy. Telefon belgisi: (+993 12) 95 19 51. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Merci» restoranynyň tapawutly ýeri oýun meýdançasy däl-de (bu ýeriň oýun zolagy kiçi), doglan güni şadyýan geçirmek üçin ideýalaryň köp bolmagydyr. Restoran ene-atalaryň hem-de çagalaryň dykgatyna onlarça personažlary, temmatik fotozolaklary hem-de şow-programmalary hödürleýär.

Ýerleşýän salgysy: Alyşir Nowaýy köçesi, «Altyn Zaman» söwda merkeziniň 2-nji gaty. Telefon belgisi: (+993 64) 02 02 05. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Bulardan başga-da, doglan gün dabarasyny ýatdan çykmajak pursatlar bilen bellemek üçin paýtagtyň «Berkarar», «Gül Zemin», «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezleri bardyr. Bu ýerlerdäki fudkortlar, kafeler, pop-korn ýa-da süýji pagtaly meýdançalar, oýun awtomatlary we meýdançalar, şeýle-de kinoteatrlar hem-de beýleki gyzykly ýerler dabarany ýokary derejä beslemekde örän ajaýyp mümkinçiliklere eýedir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň