Aşgabatdan iş gözlemek üçin kadrlar agentlikleriniň sanawy

09:5301.04.2023
0
56903

Iş gözlemegem, edil hünärini kämilleşdiren işgäri gözlemek ýaly ýeňil iş däl. Bu babatda kadrlar agentligi zähmet bazarynda araçy hökmünde çykyş edip, iş gözleýänleriň, şeýle-de iş berijileriň-de wagtyny tygşytlaýar.

Aşgabatda kadrlar agentliginiň hyzmatyndan peýdalanyp iş tapmagyň tölegi işe durmak isleýän adamyň paýyna düşýär. Adatça, iş gözläp ýüz tutýan raýatlar işe ýerleşmek üçin pasportynyň asyl nusgasyny hem-de göçürmesini, şeýle-de 3x4 ölçegli iki sany suraty ýanlary bilen almalydyr.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän kadrlar agentlikleriniň sanawy baradaky maglumatlara geçmezden öňinçä, bu materialyň hiç hili mahabat häsiýetli bolman, diňe tanyşdyrmak maksady bilen taýýarlanandygyny belläp geçýäris.

«Orlan» — Türkmenistanyň zähmet bazarynda rekrut kompaniýalaryň ilkinjileriniň biridir.

Habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • salgysy: Magtymguly şaýolunyň 73-nji jaýy, «Türkmenistan» söwda merkezi (Uniwermag), 61-nji iş otagy;
  • telefon belgileri: (+993 12) 94 24 77, (+993 12) 94 26 34;
  • elektron poçta salgysy: operator@orlan.org;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • resmi web saýty: orlan.org

«Infosta» — kadrlar agentligi sosial media ulgamyndaky sahypasyny işjeň ýöretmek bilen, ol ýerde işe dalaşgärlere bildirilýän talaplary örän düşnükli beýan edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • salgysy: Atatürk köçesiniň 82-nji jaýy, «Berkarar» işewürlik merkezi, 0-njy gat, 3-1b iş otagy;
  • telefon belgileri: (+993 63) 69 57 52, (+993 12) 46 83 29;
  • elektron poçta salgysy: add@infosta.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • resmi web saýty: infosta.com

«Ösüş» — agentlik Aşgabatdan iş gözleýänleriň arzalaryny duşenbe-anna günleri aralygynda sagat 9:30-dan 17:30-a çenli, şenbe güni bolsa sagat 12:00-a çenli kabul edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • salgysy: 10 ýyl abadançylyk köçesi (ozalky Moskowskaýa), 151-nji jaý;
  • telefon belgileri: (+993 63) 58 13 91, (+993 63) 57 97 51, (+993 64) 61 51 69;
  • elektron poçta salgysy: osush-1@mail.ru;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy

«Ynamly kepil» — bu hususy kärhananyň ýetirýän hyzmatlary bilen ynamlykepil.com saýty arkaly tanyşmak bolýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • salgysy: Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 108-nji jaýy, «Joşgun» söwda merkezi, 1-nji gat;
  • telefon belgileri: (+993 60) 12 44 34, (+993 60) 18 84 14, (+993 12) 21 89 65;
  • elektron poçta salgysy: ynamlykepil@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Professional» we «Uniwersal» — bular bir salgyda ýerleşýän iki sany kadrlar agentlikleridir: Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 108-nji jaýy, «Joşgun» söwda merkezi, 3-nji gat;

Habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • telefon belgileri: (+993 12) 21 63 51, (+993 65) 81 66 41, (+993 62) 19 35 65;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Daýanç» — agentlik internet ulgamynyň dürli ýerlerinde boş iş orunlarynyň sanawyny yzygiderli mälim edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • salgysy: Ýunus Emre köçesi (Parahat 4), 6-njy jaý («Tebip» dermanhanasynyň ýany);
  • telefon belgileri: (+993 12) 47 01 37; (+993 65) 65 33 40;
  • elektron poçtasynyň salgysy: kadr.dayanc@mail.ru.

«Arzuw» — kadrlar agentligi her hepdäniň duşenbe — anna günleri aralygynda sagat 11:00-dan 17:00-a çenli arzalary kabul edýär. Şeýle-de iş gözleýän raýat rezýumesini arzuwagents@gmail.сom elektron salgysyna iberip bilýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • salgysy: Oguz han köçesi, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezi, 2-nji gat, 38-nji iş otagy;
  • telefon belgileri: (+993 62) 45 54 38.

«Pursat» — bu kadrlar agentligi hünärmenleri seçip almaga hem-de Aşgabadyň ýaşaýjylaryna iş tapmaga ýardam edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • salgysy: Andalyp köçesi (Andalyp-G.Kulyýew), 344-nji jaý, «Gurluşyk» binasy, 3-nji gat;
  • telefon belgileri: (+993 64) 67 79 14, (+993 63) 60 67 22.

Özüňize laýyk işi tapmak ýa-da hünärmen gözlemek üçin «Turkmenportal» web saýtynyň «Iş» diýen bölüminde bildiriş ýerleşdirip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň