Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly internet-ulanyjylar üçin ykjam programmalaryň sanawy

0
73048

Aşakdaky sanawda getirilen ykjam programmalar Türkmenistanda internet ulanyjylar üçin ýörite işlenip düzülendir we köpdürli dükanlaryň, marketleriň, döwlet edaralarynyň hyzmatlaryndan baş çykarmaga, onlaýn bilim almaga hem-de peýdaly maglumat toplamaga ýardam etjek has zerur we meşhur bolan ykjam programmany saýlap almaga  kömek eder.

E-bilim – Türkmenistanda onlaýn bilim almak üçin ilkinji gurşaw. Dürli sapaklar we ugurlar boýunça bilim almaga, şol bir wagtda öz bilimleriňi we okatmak boýunça usulyýetleriňi paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Işläp düzüji – E-bilim. Ykjam programma «Google Play-de» elýeterlidir, reýtingi – 4,1, ýüklenen sany – 10 müňden gowrak.

Germewiňlis dilini Beginner derejesinden başlap, Advansed derejesine çenli ähli bilim derejelerinde öwrenmek üçin ykjam programma. «Google Play-de» reýtingi – 4,4, ýüklenen sany – 5 müňden gowrak. Işläp düzüji Isa Annamyradow.

TTBILIM taýyn referatlaryň, kitaplaryň, prezentasiýalaryň arhiwi. Ykjam programmany işläp düzüji «Türkmen-tranzit» HJ, «Google Play-de» reýtingi – 2,9, ýüklenen sany – 1 müň.

Ykdysady Sozlukmaliýe-ykdysady adalgalaryň sözlügi. Türkmen dilinde 380-den gowrak ykdysady, bank we maliýe adalgalaryň düşündirişini saklaýar. Müňden gowrak adam ýükledi, «Google Play-de» reýtingi – 4,5, ykjam programmany işläp düzüji «Türkmen-Tranzit» HJ.

Kitaphana – özünde türkmen dilindäki kitaplary, ylmy we çeper edebiýatlary, mekdep maksatnamasyna degişli kitaplary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin edebiýatlary, mugallymlar üçin gollanmalary, sapaklaryň ýazgylaryny we köp sanly serişdeleri saklaýar. «Google Play-de» reýtingi – 4,6, ýüklenen sany – 100 müňden gowrak.

TTDictionaryRusça-türkmençe we Türkmençe-rusça onlaýn sözlük. Düzüminde 165 müňden gowrak söz saklaýar, sözi sesli aýtmak mümkinçiligi, gözleg üçin filtr, saýlananlara goşmak mümkinçiligi bar. «Google Play-de» reýtingi – 4,5; ýüklenen sany – 100 müňden gowrak. 

Turkmenportal – Türkmenistanda we onuň daşynda meşhurlyk gazanan maglumat çeşmesiniň ykjam programmasy. Işewürlikdäki, jemgyýetçilik ulgamyndaky, medeniýetdäki iň täze habarlara dowamly elýeterlilik. «Google Play-de» reýtingi – 4,6; ýüklenen sany – 100 müňden gowrak. «App Store-de» ýükläp almak üçin salgysy. Işläp düzüji – «Turkmenportal» HJ.

DuralgaAşgabatda hereket etmek we ugruňy kesgitlemek üçin ykjam programma, ähli şäheriçi duralgalary we jemgyýetçilik ulagynyň ugurlary baradaky maglumaty özünde saklaýar. «Google Play-de» reýtingi – 3,3; ýüklenen sany – 10 müňden gowrak. Işläp düzüji «Turkmenportal» HJ. «App Store-de» elýeterlidir.

Şäherara bilet – Türkmenistan boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň ýolagçy peteklerini satyn almak üçin ykjam programma. «Google Play-de» reýtingi – 2,7. Ýüklenen sany – 10 müňden gowrak. Işläp düzüji «Turkmenportal» HJ.

Onlaýn taksi – şäheriň islendik nokadyna onlaýn taksi çagyrmak gullugy. «Google Play-de» reýtingi – 3,2; ýüklenen sany – 500-den gowrak. Işläp düzüji «Turkmenportal» HJ. Ykjam programma «App Store-de» ýüklap almak üçin elýeterlidir.

Saray – internet söwda gurşawy, satyn almak-satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek, otly we uçar peteklerini onlaýn görnüşde satyn almak, şeýle hem jerimeleri we birnäçe hyzmatlar üçin tölegleri tölemek mümkinçiligi döredilen ýer. «Google Play-de» reýtingi – 3,2; ýüklenen sany – 100 müňden gowrak. «App Store-de» elýeterlidir.

Alem TVIPTV-ni enjamlar (smartfon, planşet) arkaly görmäge mümkinçilik berýän ykjam programma. Türkmenistanyň çäginde hereket edýär we diňe ýurduň içinde görkezilýän teleýaýlymlar boýunça işleýär. «Google Play-de» reýtingi – 2,0; ýüklenen sany – 50 müňden gowrak.

HorjunTVçeper we dokumental filmlere, köp bölümli filmlere, multfilmlere, şekilli aýdymlara, gülküli we bilim beriji gepleşiklere tomaşa etmek, sport we tehnologiýalar dünýäsiniň täzelikleri bilen tanyşmak üçin niýetlenen ykjam programma. «Google Play-de» reýtingi – 4,2; ýüklenen sany – 1 milliondan gowrak. Işläp düzüji «Ykjam Aragatnashyk» HJ.

Belet Film – filmlere, köp bölümli filmlere, multfilmlere, dürli ugurly gepleşiklere tomaşa etmäge mümkinçilik berýän onlaýn-kinoteatr. Ykjam programmanyň «Google-da» reýtingi – 3,9; ýüklenen sany – 100 müňden gowrak. Işläp düzüji – JAN tehnologiýa. «App Store-de» we web-nusgada elýeterlidir.

TMCell töleg – gapjyk hökmünde «Altyn Asyr» bank kartlaryny ulanyp, öýjükli telefonlaryň hasabyny artdyrmak üçin ykjam programma. «Google Play-de» reýtingi – 3,5; ykjam programmany 500 müňden gowrak adam ýükledi. «App Store-de» ýüklap almak üçin salgysy.

Çapar«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ykjam programmasy. Ýurduň ähli künjegine bukjalary ibermek üçin çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanmaga, PÝGG-niň jerimelerini, ýaşaýyş jaý hyzmatlarynyň we aragatnaşyk hyzmatlarynyň töleglerini tölemäge mümkinçilik berýär. «Google-da» reýtingi – 4,1; ýüklenen sany – 10 müňden gowrak. «App Store-de» elýeterlidir.

Tmcell Sazz türkmen, rus we daşary ýurt aýdymlaryny («Altyn Asyryň» abonentleri üçin) onlaýn görnüşde diňlemek üçin niýetlenen ykjam programma. Düzüminde 300 müňden gowrak aýdym saklaýar. «Google Play-de» reýtingi – 3,1; ýüklenen sany – 50 müňden gowrak. «App Store-de» ýüklap almak üçin salgysy.

Ýoda Restoran – tagamlary öýe sargyt etmek mümkinçiligi bolan Aşgabatdaky restoranlaryň we kafeleriň jemlenmesi. «Google Play-de» reýtingi – 4,4; ýüklenen sany – 1 müňden gowrak.

Goozle – mobil enjamlar arkaly harytlary saýlamaga we onlaýn usulda satyn almaga, şeýle hem dürli internet gurşawlardaky harytlaryň bahalaryny deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. Web-nusgada elýeterlidir. «Google Play-de» reýtingi – 4,5; ykjam programmanyň ýüklenen sany müňden gowrakdyr.

Dostawka.Barrestoranlardan we kafelerden naharlary eltip bermek üçin ykjam programma. Aşgabatda we bütin Türkmenistan boýunça hereket edýär. Ykjam programmanyň ýüklenen sany 10 müňden gowrakdyr, «Google Play-de» reýtingi – 3,9. 

Pamador – restoranlardan we kafelerden naharlary eltip bermek üçin ykjam hyzmat gullugy. «Google Play-de» reýtingi – 3,8. Ýüklenen sany – 1 müňden gowrak. «App Store-de» elýeterlidir.

TmKontakt telefon maglumatnamasy. Bütin Türkmenistan boýunça dermanhanalaryň, demir ýol menzilleriniň, howa menzilleriniň, kafeleriň we restoranlaryň, banklaryň, lukmançylyk we beýleki edaralaryň telefon belgilerini özünde jemleýär. «Google Play-de» reýtingi – 4,2; ýüklenen sany – 50 müňden gowrak. Işläp düzüji Myrat Gurbanow.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi – Türkmenistanyň kanunlarynyň türkmen we rus dillerindäki ýygyndysy. Ykjam programmany internete birikmezden peýdalanyp bolýar. «Google Play-de» reýtingi – 4,0; 50 müňden hem köp gezek ýüklendi.

Ependi şorta sözleriHoja Nasreddin (Ependi) hakyndaky halk degişmeleriniň we gülküli kyssalaryň ýygyndysy. «Google Play-de» reýtingi – 4,0. Ykjam programma 10 müňden hem köp gezek ýüklendi.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksi – Ykjam programmanyň mümkinçilikleri internete birikmezden hem elýeterlidir, düşnükli iki dildäki interfeýs (türkmen/rus), bellik etmek, maddalaryň ady boýunça gözleg etmek mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr. «Google Play-de» reýtingi – 4,4; 10 müňden hem köp gezek ýüklendi.

TMCARS – hususy şahslar, telekeçiler we kompaniýalar üçin wirtual «bildiriş tagtasy». Söwdanyň we hyzmatlaryň ähli ugurlary göz öňünde tutulandyr. Interfeýs türkmen we rus dillerinde işlenip düzülendir. «Google Play-de» reýtingi – 4,5. Ykjam programma 1 milliondan hem köp gezek ýüklendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar