Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Siriýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

09:5317.04.2023
0
30722

Prezident Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada we ýurduň ähli halkyna Siriýa Arap Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutany Prezident Başar Al-Asada berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Siriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Siriýada Garaşsyzlyk güni — «Ewakuasiýa güni» diýlip hem atlandyrylýan, soňky daşary ýurt esgeriniň bu arap ýurdunyň topragyndan çykmagy bilen, hakyky garaşsyzlyga eýe bolnan sene 17-nji aprelde bellenilýär.

1946-njy ýylyň 17-nji aprelinde — ähli fransuz goşunlarynyň ýurduň çäginden çykarylan güni Siriýa garaşsyzlyk gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň