TÝL: «Altyn asyr» birinji tapgyrda «Nebitçi» bilen utuk paýlaşdy

23:5615.04.2023
0
28207

«Altyn asyr» kluby futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji tapgyrynda «Nebitçi» deň oýnady. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçirilen oýun 0:0 hasabynda tamamlandy.

TÝL-iň ikinji tapgyrynyň çäklerinde «Nebitçi» 18-nji aprelde Balkanabatda «Şagadam» bilen, «Altyn asyr» bolsa 19-njy aprelde «Ahal» bilen duşuşar.

Maglumat üçin, TÝL-iň birinji tapgyrynyň beýleki oýunlarynda şu netijeler hasaba alyndy: «Köpetdag» — «Şagadam» 2:1, «Ahal» — «Energetik» 1:0, «Merw» — «Aşgabat» 0:1.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň