Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna gatnaşarlar

15:3312.04.2023
0
41496
Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna gatnaşarlar
Surat: sn.ria.ru

2023-nji ýylyň 1—6-njy maýy aralygynda Gazagystanda mekdep okuwçylarynyň arasynda 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy geçiriler. Oňa türkmenistanly mekdep okuwçylary hem gatnaşar diýip, «BigAsia» habar berýär.

«Mekdep okuwçylarynyň arasynda 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasynyň guramaçylyk komiteti olimpiadany 1—6-njy maý aralygynda Gazagystanda geçirmek kararyna geldi» diýlip, habarda aýdylýar.

Dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan bolan toparlar eýýäm Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna gatnaşýandyklaryny tassykladylar. Olaryň hatarynda Türkmenistan, Awstriýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Bolgariýa, Wengriýa, Ysraýyl, Gazagystan, Gyrgyzystan, Makedoniýa, Mongoliýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Siriýa, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan, Horwatiýa ýaly ýurtlaryň toparlary bar. Şeýle hem şu ýyl Braziliýanyň milli ýygyndysy bu bäsleşige gatnaşmak üçin ilkinji gezek ýüz tutdy.

Olimpiada pandemiýa sebäpli emele gelen ähli çäklendirmeler aýrylandan soň ilkinji gezek adaty tertipde geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň