Habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-nyň Dubaý şäherindäki «Hyatt Regency» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy geçiriler. «Hyundai Engineering» forumyň bürünç hyzmatdaşy bolup çykyş eder. Bu barada guramaçylyk topary habar berýär.
Bu kompaniýa Türkmenistanda 10 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýar we bu döwürde birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirdi. Kompaniýa gazy kükürtden arassalamak boýunça zawod gurup, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmäge gatnaşdy. Şeýle hem bu kompaniýa «LG International Corporation» bilen bilelikde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda birnäçe täze tehnologik bölümleri işe girizdi.
Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygy Türkmenistan bilen «Hyundai Engineering Co., Ltd.»-iň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň ýene bir mysaly bolup durýar. Taslamanyň bahasy 3,4 milliard dollardan gowrak boldy. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni, Koreýa Respublikasynyň «LG International Corporation» we Ýaponiýanyň «TOYO Engineering Corporation» kompaniýalary jogapkär bolupdy.