Ýaşlar ligasynyň duşuşyklary 13-nji aprelde başlanar

20:2710.04.2023
0
27971

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi penşenbe güni — 13-nji aprelde başlanar.

Ýaryş üç aýlawda geçer.

Toparlaryň öz meýdançasynda hem-de myhmançylykda ýaýbaňlandyryljak duşuşyklary uly toparlaryň oýunlarynyň bir gün öňünden geçiriler.

Häzirki wagtda ýaşlaryň arasyndaky ýurdumyzyň çempionynyň «Altyn Asyr II» toparydygyny ýatladýarys. 2019-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän birinjilik 4 ýyl bäri diňe «Altyn Asyr II» toparynyň ýeňşi bilen jemlenýär.

Nobatdaky birinjiligiň has-da dartgynly geçmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň