«Iş Nokady» kompaniýasy Türkmenabatda işewürlik maslahatyny geçirer we öz iş ugry bilen tanyşdyrar

14:4010.04.2023
0
38985

«Iş Nokady» kompaniýasy Türkmenabadyň ýaşaýjylaryny 2023-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda «XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi» mowzugy boýunça ilkinji iri işewürlik maslahatyna çagyrýar.

Işewürlik maslahatynyň myhmanlary ITEA Halkara IT-akademiýasynyň, «CODDY» çagalar üçin halkara programmirleme mekdebiniň, «City Business School» Russiýanyň halkara işewürlik mekdebiniň, şeýle hem «Miniboss & Bigboss Business School» çagalar we ýetginjekler üçin işewürlik mekdebiniň Türkmenistandaky resmi wekili bolan «Iş Nokady» kompaniýasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrylar.

Forumyň birinji güni marketing, işgärleri dolandyrmak, üstünlikli satuwlar, şeýle hem häzirki zaman IT tehnologiýalary ýaly mowzuklara bagyşlanar. Birinji günüň mowzugy işewürler we hususy telekeçiler, şeýle hem ýolbaşçylar üçin gyzykly bolar.

Ikinji günde forumyň myhmanlary ITEA Halkara IT akademiýasynyň we Çagalar we ýetginjekler üçin «CODDY» programma mekdebiniň hünärmenleriniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi bilen bilelikde guramaklarynda geçiriljek ussatlyk sapaklaryna gatnaşarlar. Ussatlyk sapagynyň mowzuklary – «Minecraft: emeli intellekte giriş» we «Python» diliniň mysalynda programmirlemegiň esaslary we hususy programmalaryňy işläp düzmek».

«Iş Nokady» kompaniýasynyň işewürlik maslahatyna gatnaşmak telekeçiler we iş dolandyryjylar üçin peýdaly bolşy ýaly, geljekki IT ulgamy boýunça hünärmenler, şeýle-de sanly tehnologiýalaryň dünýäsi bilen gyzyklanýan 6-dan 16 ýaşa çenli çagalar hem-de olaryň ene-atalary üçin peýdaly bolup biler.

Şeýle hem çäräniň çäklerinde: «SMM-konsepsiýasy. Işiňiz üçin täzeçillik» atly işewürlik-ertirligi geçiriler. Bu duşuşygyň dowamynda aýdyljak maglumatlar onlaýn satuw pudagynda işleýän telekeçiler, hususy telekeçiler, işewürler we marketologlar üçin gyzykly bolar.

Işewürlik maslahatynda öz pudagynda uly iş tejribesi bolan hünärmenler çykyş ederler. Çykyş etjekler diňe bir leksiýa bermek bilen çäklenmän, diňleýjileriň ähli soraglaryna jogap bererler we gyzyklandyrýan meseleler boýunça maslahat bererler.

Işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýerler çäklidir, şonuň üçin öňünden şu salgy boýunça ýa-da (+993 63) 48 53 80 telefon belgisi arkaly hasaba alynmak maslahat berilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň