«ITEA» Halkara akademiýasy «Python» ulgamyndan peýdalanyp, ykjam programma düzmek boýunça ussatlyk sapagyny geçirer

11:4407.04.2023
1
35042

«ITEA» Halkara IT akademiýasy «Python» grafika interfeýsinde ykjam programmalary işläp düzmek» mowzugynda indiki ussatlyk sapagynyň geçiriljekdigini habar berýär.

Ussatlyk sapagynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar «Python» dilinde «PyQt5» freýmworkyny ulanyp, iş stoly programmasyny döretmegiň düzgünleri bilen tanşyp bilerler.

«PyQt5» – bu «Python» kitaphanalarynyň toplumydyr, ýagny «Digia» kompaniýasy tarapyndan döredilen «Qt5» platformasynyň binýadynda grafiki interfeýs döretmek üçin gurallaryň toplumydyr. «Qt» kitaphanasy iň güýçli GUI (Ulanyjynyň grafiki interfeýsi) kitaphanalarynyň biridir. «Qt5» «Unix», «Windows» we «Mac OS» ýaly ähli esasy operasion ulgamlarda işlemäge ukyplydyr.

Şeýle hem ussatlyk sapagynyň çäklerinde goşmaça «QtDesigner» ykjam programmasy hem-de hususy dizaýn-programmaňy döretmegiň usullary bilen tanyşdyrylar.

Ussatlyk sapagy 19-njy aprelde 18-30-dan 20-00-a çenli salgyda şu geçiriler: Aşgabat, «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, «Iş Nokady» kompaniýasynyň ofisi.

Gatnaşmak üçin nyrh 50 manat. Ýerleriň sany çäklidir, şonuň üçin salgy arkaly ýa-da (+993 12) 46 80 91, (+993 63) 47 11 92, (+993 63) 42 67 51 telefon belgilerine jaň edip, öňünden ýazylmak maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Resul87 ( 27.04.2023 )

salam

0