Soňky habarlar

Arhiw

MiniBoss we BigBoss Business School ýaş telekeçileriň işewürlik taslamalaryny maliýeleşdirmäge taýyn maýadarlary çagyrýar

12:4207.04.2023
0
43176

MiniBoss we BigBoss Business School taslamalary Türkmenistanda «işewürlik-perişdeleri» ýa-da garaşsyz maýadarlary ýaş telekeçileriň – nobatdaky «Başlangyç taslamalaryň Forumy – 2023-iň» ýeňijileriniň başlangyç taslamalaryny maliýeleşdirmäge çagyrýar, bu forumda MiniBoss we BigBoss Business School mekdebiniň okuwçylary öz telekeçilik taslamalaryny emin agzalaryna hödürlärler.

Maýadarlaryň gatnaşmagy netijesinde işewürlik pikirleri durmuşa geçiriljek «Başlangyç taslamalaryň Forumy – 2023-iň» ýeňijileri her ýylda geçirilýän telekeçilik boýunça milli we Halkara çempionatynda öz taslamalaryny hödürlemäge mümkinçilik alarlar.

Ýaş telekeçileriň taslamalaryna maddy taýdan maýa goýmaga taýyn maýadarlar, 2023-nji ýyldaky «Başlangyç taslamalaryň forumynda» emin agzalary bolup bilerler hem-de hödürlenen taslamalaryň her biri we olaryň awtorlary bilen içgin tanşyp bilerler.

MiniBoss we BigBoss Business School mekdebindäki başlangyç taslamalaryň forumy – bu halkara bilim ulgamynda okatmagyň hökmany bölegidir. MiniBoss we BigBoss Business School mekdebiniň okuwçylary ykdysadyýetiň we telekeçiligiň esaslaryny, diwergent we saýlaw pikirlenişiň esaslary, taslama menejmentini öwrenýärler, şondan soňra bolsa öz telekeçilik we jemgyýetçilik taslamalaryny taýýarlaýarlar hem-de olary «Başlangyç taslamalaryň forumynda» emin agzalaryna hödürleýärler.

«Işewürlik perişdesi» bolmak we «Başlangyç taslamalaryň Forumy – 2023-iň» emin agzalarynyň düzümine goşulmak üçin şu salgyda ýerleşdirilen ýörite arzany doldurmaly ýa-da (+993 12) 46 81 65 telefon belgisi arkaly öňünden ýazylmaly.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň