Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi

22:1805.04.2023
0
24259

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabatda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördüler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary hem-de öňde durýan wezipeler we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rustam Minnihanow Türkmenistanyň söwda toplumynyň hödürleýän hyzmatlary we önümleriň görnüşleri bilen tanyşdylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen maslahat geçirdi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary, aýratyn-da, ýangyç-energetika toplumynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri, şeýle hem ulag-kommunikasiýa ulgamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata iki ýurduň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň ýangyç-energetika babatda oňyn tejribe toplandygy bellenilip, maslahatda özara tejribe alyşmagyň we bu ugra täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Degişli düzümleriň gatnaşmagynda iki tarapyň mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigi nygtaldy. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşendigini hasaba almak bilen, serhetüsti gatnawlaryň mümkünçiliklerine garaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hem-de ugurdaş düzümleriň döredilendigini belläp, olaryň kuwwatynyň doly peýdalanylmagynyň möhümdigini nygtady we tatarystanly hyzmatdaşlary bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge çagyrdy.

— Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda gurluşygyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylar, bu işlerde Tatarystanyň hünärmenleriniň tejribeleri peýdalanylyp bilner — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany dünýäde ygtabyrly hyzmatdaş we özüniň hyzmatdaşlyk borçlaryna jogapkärçilikli çemeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine tatar kompaniýalarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň gurluşyk ulgamynda häzirki zaman gazananlaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän täze Arkadag şäheriniň gurluşygyna gatnaşmaga Tatarystanyň kompaniýalarynyň çagyrylmagyny uly hormat hasaplaýandygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, onda öňe sürlen teklipleriň we garalan meseleleriň işjeň öwrenilmegi hem-de bu ugur boýunça degişli ylalaşyklaryň gazanylmagy babatda zerur işleriň geçirilmelidigini belledi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri we ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow myhman bilen bilelikde bu ýerden Arkadag şäheriniň ýerleşýän ýerine tarap ugrady. Ýolugra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulagy Aşgabadyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän, ady rowaýata öwrülen “Polatly” atly şöhratly bedewiň heýkeliniň ýanynda saklandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmana häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäheri, onuň döreýiş taryhy we şäherde bar bolan desgalar hem-de olaryň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň çäklerinde eýýäm Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurlandygyny aýdyp, türkiýeli işewür toparlaryny bu merkeziň ýanynda çagalar üçin niýetlenen dürli önümleriň, derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça toplumyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy.

Rifat Hisarjyklyoglu bu ýerleriň amatly howa şertleriniň hem-de ekologiýa ýagdaýynyň ynsan saglygyna oňaýly täsir edýändigini belledi.

***

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler, onuň çäginde gurlan binalar, olaryň bezeg aýratynlyklary we bu ýerde geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar bilen tanyşdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň