Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

20:2705.04.2023
0
37622

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşykda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň ýakyn dosty, görnükli syýasy işgär, türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Rustam Minnihanow bilen duşuşmaga, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşmaga hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek babatda teklipleri paýlaşmaga hemişe şatdygyny nygtady.

— Şeýle dostlukly gepleşikler hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna oňyn täsir edýär. Biziň şu günki duşuşygymyzyň hem netijeli boljakdygyna we Siziň Türkmenistana saparyňyzyň özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynanýaryn — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Rustam Minnihanow hoşniýetli sözler we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtady. Şeýle-de ol Türkmenistanyň senagat taýdan ösendigini, diňe bir ak mermerli paýtagtda däl, eýsem, ýurduň ähli sebitlerinde sazlaşykly ösüşiň ilerleýändigini belläp, ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň şaýady bolandygyny we Türkmenistana gelip görmegiň özi üçin hemişe ýakymlydygyny aýtdy.

Rustam Minnihanow gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanyp barýan Arkadag şäherine haýran galýandygyny belledi. Özboluşly şäherde her bir binanyň, her bir desganyň ajaýyp keşbe eýedigini we olaryň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýändigini aýdyp, myhman bu täze şäheriň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolandygyny nygtady hem-de onuň Merkezi Aziýanyň döwrebap iri şäherine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik we uzak möhletli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle-de söhbetdeşler ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny bellediler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň