Serdar Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

16:2105.04.2023
0
46471

Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow Aşgabat şäherine bir günlük iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň döwlet Baştutanlary ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda bellenilip geçilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda maşyn gurluşygy we nebiti gaýtadan işlemek boýunça Tatarystanyň birnäçe iri kompaniýasy wekilçilik edýär.

«Yslam dünýäsi bilen hyzmatdaşlyk hemişe Tatarystanyň daşary ykdysady we halkara işjeňliginiň öňdebaryjy ugurlaryndan biri bolupdy. Şunda «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForumy» ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy meýdançasy hökmünde görkezilip bilner» diýip, Rustam Minnihanow belledi we türkmen wekilýetini foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň