Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-maglumatlar portaly resmi taýdan işe başlady

14:4704.04.2023
0
38072

Şu gün Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisiniň çäklerinde Söwda-maglumatlar portaly resmi taýdan işe girizildi.

Portaly işe girizmek dabarasyna Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýokary derejeli wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Diego Luiz Alonso, Halkara söwda merkeziniň Söwdany goldamak we işewürlik syýasaty bölüminiň başlygy Mohammad Said gatnaşdy.

Portalyň Türkmenistanda açylmagy bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy — Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan üçin aç-açan serhetüsti söwda amallary elýeterli boldy.

Türkmenistanyň Söwda-maglumatlar portalyny döretmek boýunça işler Halkara söwda merkezi tarapyndan

Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) goldamagynda we Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen hyzmatdaşlykda «Ready4Trade Merkezi Aziýa» taslamasynyň çäginde amala aşyryldy.

«Biziň toparymyz bu portalyň döredilmegine getiren maglumatlary ýygnamak, seljermek we tassyklamak üçin köp wagt we güýç sarp etdi. Biz serhetara söwdany düzgünleşdirýän ähli jogapkär edaralar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etdik. Bu başlangyjy üstünlikli durmuşa geçirmekde bahasyna ýetip bolmajak goldawy üçin Halkara Söwda Merkezine minnetdarlygymyzy bildirýäris» diýip, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekili Seýitmyrat Geldiýew aýtdy.

Dünýäniň 30 töweregi ýurdunda peýdalanylmak bilen, bu onlaýn platforma Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) söwda ýeňilleşdiriş şertnamasynyň 1.2-nji maddasynyň we şertnamada görkezilen söwdany ýeňilleşdirmegiň esasy maksadynyň berjaý edilmegine ýardam edýär.

«Türkmenistanda Söwda-maglumatlar portalynyň ornaşdyrylmagy uly üstünlikdir, sebäbi portal ýurduň Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) söwda ýeňilleşdiriş şertnamasyny ýerine ýetirmek ukybyny ýokarlandyrmaga we söwda üçin päsgelçilikleri azaltmaga kömek eder. Portal ähli söwda maglumatlary, proseduralary we talaplary üçin bir bitewi çeşme bolup hyzmat edip biler, şeýle hem kadalaşdyryjy-hukuk gurşawynda hereket etmegi ýeňilleşdirer» diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Diego Luiz Alonso belledi.

Ozal Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-maglumatlar portalynyň ýakyn wagtda işe girizilmegine bagyşlanan brifingiň geçirilendigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň