Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy

11:2704.04.2023
0
50700

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurduň söwda toplumynyň sergisi açyldy. Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň serginiň açylmagy mynasybetli iberen Gutlagyny diňlediler. Soňra bu ýerde sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi üç günläp dowam eder. Onda ýurduň söwda toplumynyň gazananlary, ýerli kärhanalaryň harytlary, şol sanda azyk, senagat önümleri, sarp ediş harytlary, haly we dokma önümleri görkezilýär.

Söwda toplumynyň ýöriteleşdirilen sergisine aýlanyp görýänler türkmen telekeçileriniň önümleri, ýurduň söwda ulgamynda gazanylan üstünlikler we ýetilen täze sepgitler bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

Şu gün Türkmenistanyň söwda maglumatlar portaly hem (infotrade.gov.tm) işe giriziler. Sergä gatnaşyjylar onuň işi bilen giňişleýin tanyşdyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň