Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylary gutlady

09:0004.04.2023
0
30641

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurduň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

«Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň gerimde geçirilýän bu serginiň içerki we daşarky söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmekde, dokma senagatynda döwrebap önümçilik düzümlerini kemala getirmekde, milli el halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde we telekeçilik ulgamyny ösdürmekde ynamly ädimleri ätmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn» — diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin uly kuwwata eýedir. Bu kuwwata esaslanyp amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler ýurduň ykdysady taýdan okgunly ösmegine güýçli itergi berýär. Munuň özi halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň giňelmeginde, içerki söwdanyň ýokary depginli ösüşinde hem öz beýanyny tapýar. Durmuşa geçirilýän tutumly işler esasynda harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurduň içerki bazaryny ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmekde, daşarky söwdany giňeltmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu gün «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyp, ýurduň eksport mümkinçilikleriniň barha artýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar esasynda ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ähli ulgamlarda düýpli özgertmeleri we innowasiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça uly möçberli işler amala aşyrylýar. Bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde, ykdysadyýetiň hususy bölegini depginli ösdürmekde döwlet derejesinde goldawlar berlip, ýokary netijeler gazanylýar. Olaryň netijesinde beýleki pudaklar bilen bir hatarda, söwda ulgamy hem döwrüň talabyna laýyklykda özgerýär. Içerki söwda ulgamynda ilata hyzmat etmegiň häzirki zaman tehnologiýasy ornaşdyrylan täze, döwrebap söwda we dynç alyş merkezleriniň sany artýar, hödürlenilýän harytlaryň köpdürlüligi, hyzmatlaryň görnüşleri giňelýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan wajyp ugurlary bolan dokma senagatyna, halyçylyk pudagyna uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär, täze, döwrebap kärhanalar gurlup, işe girizilýär, hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylyp, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. Bu işleriň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň ekologik taýdan arassa, ýokary hilli dokma, haly önümleri içerki we daşarky bazarlarda öz orunlaryny barha giňeldýärler. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleriň öndürilişini artdyrmak, täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesinde bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawy barha artýar.

«Şu gün öz işine başlaýan söwda toplumynyň sergisi hem harytlaryň elektron dolanyşygy, döwrebap hyzmatlar ulgamy we beýleki ugurlarda gazanylýan netijelere, ýurdumyzyň dokma pudagynyň, milli el halyçylyk sungatynyň ösüşlerine, hususy önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçiliklerine baha bermäge mümkinçilik döreder» — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň