Turkmenportal logo
04.04.23
2808028080
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn täç» futbol topary Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda kümüş medallaryň ikisini gazandy

Paýtagtyň «Altyn täç» topary Daşkentde geçirilen AFL Kids ýaşlar halkara ýaryşynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Bu barada «Orient» habar berdi.


12 toparyň gatnaşmagyndaky çempionat üç ýaş derejesinde U-10, U-11 we U-12 geçirildi. Olaryň her birine «Altyn täç» toparynyň bir düzümi gatnaşdy.


Toparlaýyn we ýarym final tapgyrlaryny üstünlikli geçip, «Altyn täç» toparynyň iki düzümi (U-10 we U-12) finala çykdy. Aýgytly oýunlarda U-10 türkmen topary 0:2 hasap bilen «Aýbyn» (Gazagystan) toparyndan asgyn geldi, U-12 bolsa «TFA»-dan (Özbegistan) ýeňildi - (1: 2).


Çempionat Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Russiýadan iň gowy ýaşlar toparlaryny bir ýere jemledi.