Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Arkadag» teleýaýlymynyň başlygyny, «Arkadag» gazetiniň baş redaktoryny, Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň häkimini wezipä belledi, kazyýet ulgamynda kazylary wezipä belledi we hünar derejelerini berdi we beýleki habarlar

10:4804.04.2023
0
38444

1. Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe resminamalara gol çekdi. Döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda, Atajan Mylkyýew Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi. Guwanç Mämiýew «Arkadag» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi. Pälwan Kakabaýew Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamynda işgärleri wezipä bellemek boýunça çözgütler kabul edildi. Hususan-da, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Allanazar Nyýazlyýew Mary welaýatynyň prokurory wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem kazyýet ulgamynda kazylar wezipä bellenildi we olara hünar derejeleri berildi. «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

2. Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy. Bu ýerde öňdebaryjy ýerli azyk önümlerini, halkyň sarp edýän harytlaryny, senagat önümlerini, haly we dokma önümlerini öndürijiler öz harytlary bilen tanyşdyrdylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu gün «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlaryň dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyp, ýurduň eksport mümkinçilikleriniň barha artýandygynyň subutnamasyna öwrülendigini belledi.

3. Aşgabatda 1891-nji ýyldan bäri şäheriň howasynyň gözegçiliginiň taryhyndaky iň maýyl mart aýy boýunça rekord goýuldy. 2023-nji ýylyň mart aýynda ortaça temperatura Selsiýniň şkalasy boýunça 17,4 gradusa deň boldy, bu bolsa 2008-nji ýylda goýlan öňki rekorddan 0,1 gradus ýokarydyr.

4. Lebap welaýatynda «Lebap Handmade Exports» maksatnamasy işe girizildi, onuň dowamynda sebitiň 20 sany wekili önümçilik dizaýny, sanly marketing we fotosurat pudaklary boýunça ussat hünärmenleriň tejribelerini öwrenmek mümkinçiligini alarlar.

5. Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Koen Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelmegi meýilleşdirýär. Koeniň Türkmenistanyň paýtagtyna sapary 20-nji aprelde amala aşyrylar. Ýatlatsak, 10 ýylyň dowamynda Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasy wagtlaýyn düzüme eýe bolupdy, indi ol hemişelik diplomatik gulluga öwrüler.

Dünýäde

6. 2023-nji ýylyň sentýabryna çenli Parižiň köçelerinden samokatlar ýitip gider. Ýekşenbe güni geçirilen sala salşykda raýatlaryň 90% olara garşy çykyş etdiler. Netijeleri seljerip, Fransiýanyň paýtagtynyň häkimi (meri) Ann Idalgo parižli saýlawçylaryň garaýşyny goldajakdygyny we 31-nji awgusta çenli samokatlaryň köçelerden tapgyrlaýyn esasda aýryljakdygyny belledi. Häzirki wagtda Fransiýanyň paýtagtynda 15 müňe golaý samokat bar diýlip bellenilýär. Şäheriň häkiminiň bellemegine görä, geljekki gadaganlyk şahsy ulag serişdelerine degişli bolmaz – olary çäklendirmesiz satyn almak we peýdalanmak mümkin bolar.

7. 2023-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Trabzon – Soçi ugry boýunça parom gatnawy gaýtadan dikeldiler. 300 adama niýetlenen parom mundan başga-da, 200 awtoulagy, 6 awtobusy we suwuk ýükler üçin 12 konteýneri ýerleşdirip bilýär. Şäherleriň aralygy Gara deňziň üsti bilen 288 kilometre deňdir.

Sport habarlary

8. Erkin we grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar. Ýaryş 7 – 14-nji aprel aralygynda Astanada geçiriler. Ýaryşyň maksatnamasynda grek-rim, erkin we zenanlaryň arasynda göreş boýunça 10 sany agram derejesinde medallar üçin göreşiler. Gazagystanda geçirilýän göreş boýunça Aziýanyň çempionatyna 20-den gowrak ýurduň türgenleri gatnaşarlar.

9. Aleksandr Krestinin futbol boýunça Gyrgyzystanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Çözgüt iki tarapyň hem ylalaşygy esasynda kabul edildi diýip, Gyrgyz futbol birleşiginiň metbugat gullugy habar berýär. Aleksandr Krestinin 2014-nji ýyldan bäri Gyrgyzystanyň milli ýygyndysyna baş tälimçilik edipdi. Onuň ýolbaşçylygynda 2019-njy ýylda Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek BAE-de Aziýanyň Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanyp, onuň 1/8 finalyna çenli barypdy. Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy Krestinin bilen 2022-nji ýylyň iýunynda Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyryndan geçip, 2023-nji ýylda hem ýaryşa ikinji gezek gatnaşmaga hukuk gazanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň