Turkmenportal logo
03.04.23
3480934809
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Liga 1: PSŽ «Liondan» asgyn geldi

PSŽ Liga 1-iň 29-njy tapgyrynda «Lion» futbol toparyny kabul etdi. «Park de Prensde» geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy ― diýip, «Çempionat» habar berýär.


Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 56-njy minutda «Lionyň» hüjümçisi Bredli Barkol geçirdi. Goluň assisti Sael Kumbediden geldi.


39-njy minutda «Lionda» hüjümçi Aleksandr Lakazet 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi.


29 tapgyrdan soň 66 utukly PSŽ ýaryş tertibiniň başyny çekýär. «Lans» bilen «Marsel» öňdebaryjydan 6 utuk yzda. 44 utukly «Lion» bolsa ýaryş tertibiniň dokuzynjy basgançagynda.


PSŽ-niň Kristof Galtýeniň ýolbaşçylygyndaky soňky 10 duşuşygynda eýýäm altynjy gezek ýeňlendigini aýtmak gerek.