Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

08:3503.04.2023
0
20936

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer. Muny Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda haýyr-sahawat gaznasynyň guramaçylyk meselelerine seretmegiň çäklerinde mälim etdi.

Ýetim çagalara hemaýat bermek boýunça ýörite haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň mart aýynda döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Ozal habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde bolar.

«Gaznanyň düzümine onuň ýolbaşçysy, orunbasary, iş dolandyryjysy, media-habarlar wekili, gaznanyň hasapçysy we hukukçysy girer. Bu ýolbaşçylar işlerini jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda alyp bararlar» — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Başlygy Haýyr-sahawat gaznasynyň Türkiýede bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken çagalara, şeýle hem Ukrainanyň çagalaryna niýetlenen degişli ýükleriň ugradylandygyny aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, haýyr-sahawat gaznasy diňe bir türkmenistanly howandarlyga mätäç çagalara däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň ejir çeken çagalaryna hem hemaýat bermek maksadyny öz içine alýar. Şeýle-de şunuň ýaly halkara ähmiýetli ynsanperwer kömeklerini bermek mundan beýläk hem dowam etdiriler.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyny kämilleşdirmek, onuň häzirki döwrüň talabyna, umumy ykrar edilen kadalara laýyk gelýän hukuk binýadyny döretmek meselelerine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, gaznanyň hojalyk-dolandyryş meseleleriniň içgin öwrenilip, onuň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigi, şeýle hem lukmanlaryň tejribesiniň ulanylmagynyň, onuň işine häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň wajypdygy bellenildi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň ähli ugurlaryny ilat arasynda we halkara giňişlikde wagyz etmek meseleleriniň wajypdygyny aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda degişli makalalary taýýarlamak, internet saýtlaryny döredip, olarda zerur bolan maglumatlary ýerleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan maslahatyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gazna bilen utgaşykly işleri ýola goýmalydygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi geljekde hem giňeldiler diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň