Soňky habarlar

Arhiw

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi

22:4116.11.2022
0
27491
Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabadyň Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Gaznanyň ýanynda onuň esaslandyryjysy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ýaşulular Geňeşini döretmek baradaky çözgüt şu ýyl kabul edildi.

Mejlisde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlara we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular bilen hal-ahwal soraşdy, olaryň ýerlerde alyp barýan işleri hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrunda ýerine ýetirilýän giň möçberli işleriň netijeleri bilen gyzyklandy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, degişli Kanunlary bilen baglanyşykly meseleler hem-de howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan ýardam bermek boýunça ýerine ýetirilen işler, bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

— Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky öz geljegi bolan çagalaryna degişli terbiýe bermäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga aýratyn üns beripdir. Döwletimizde gurlup ulanylmaga berilýän çagalar baglary, orta bilim berýän mekdepler, ähli amatlyklary bolan sport mekdepleri, meýdançalar we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin niýetlenendir. Çagalary hemmetaraplaýyn alada hem-de mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus ýörelgedir — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisde belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşulularyň jemgyýetde oňyn ýörelgeleri pugtalandyrmakda, ýaşlaryň halal zähmete we asylly işlere bolan höwesini artdyrmakda möhüm orun eýeleýändiklerini belläp, olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny arzuw etdi.

Soňra mejlisiň dowamynda welaýatlardan we Aşgabat şäherinden oňa gatnaşýan ýaşuly nesliň wekilleri çykyş etdiler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlar üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň taryhyň dowamynda ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolandygyny we bu ýagşy dessurlaryň häzirki döwürde netijeli dowam etdirilýändigini belledi.

Mejlisiň ahyrynda Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşýan ýaşululara ýüzlenip, ýaşlar bilen yzygiderli duşuşyklaryň we söhbetdeşlikleriň oňyn netije berýändigini belledi hem-de mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň