Ferstappen Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy

13:4201.04.2023
0
41509

«Red Bulluň» sürüjisi Maks Ferstappen Formula 1-iň Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy. Bu ýaryş «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirildi.

Niderlandly sürüji bir aýlaw üçin 1 minut 16,732 sekunt sarp etdi. Şeýlelikde, ol karýerasynda ilkinji gezek Awstraliýada şeýle üstünligi gazanyp görýär.

Saýlama tapgyrda ikinji orny «Mersedesiň» sürüjisi Jorj Rassel eýeledi. Ol Ferstappenden 0,236 sekunt yza galdy. Ilkinji üçlüge giren «Mersedesiň» başga bir wekili, dünýäniň ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton bolsa öňdebaryjydan 0,372 sekunt yza galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň