Türkmenistanyň ilçisi Niderlandlaryň Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy

15:3731.03.2023
0
53889

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Palwanow Niderlandlaryň Patyşasy Willem Aleksandra ynanç hatyny gowşurdy.

Çarşenbe güni geçirilen resmi kabul edişlikde diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň Hökümetiniň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge we berkitmäge ymtylýandygyny nygtady.

Öz gezeginde, Willem Aleksandr hem Niderlandlar patyşalygynyň hem Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Kabul edişlikde özara ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki tarapyň hem uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Bu babatda energetika we «ýaşyl» energiýa, gämi gurluşygy, portara hyzmatdaşlyk, oba hojalygy, maglumat tehnologiýasy ýaly, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary agzalyp geçildi.

Patyşa iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň we Niderlandlaryň bazarlarynda üpjünçiligi we islegi, maýa goýum ýagdaýyny, işewürligiň geljegini we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hemişelik dialogy ýola goýmak baradaky teklibi goldady. Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýerleşýän Merkezi Aziýa sebiti, esasan hem Türkmenistan yklymara ulag geçelgeleriniň ösmeginde aýgytly orun eýeläp biler diýip, Willem Aleksandr belledi.

Sapar Palwanow Amsterdamdaky saparynyň çäklerinde Klingendal Halkara gatnaşyklar akademiýasynyň müdiri Ron Ton bilen hem duşuşdy. Duşuşykda diplomatlary taýýarlamagyň usulyýeti boýunça tejribe alyşmak boýunça niderlandlar akademiýasynyň mugallymlary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň