«Arassa Nusga» kompaniýasy Türkmenistanda biznesi guramakda we dolandyrmakda giň mümkinçilikleri hödürleýär

10:1131.03.2023
0
43222

«LOGO ERP», «AKINSOFT ERP» hem-de «Bitriks 24» ýaly programmalaryň Türkmenistandaky resmi wekili bolan «Arassa Nusga» konsalting kompaniýasy telekeçilere häzirki zaman innowasion çözgütler esasynda biznes proseslerini guramagyň meselelerini çözmek hyzmatlaryny hödürleýär.

Telekeçilik işini durmuşa geçirmekde düşewünt almaga päsgel berýän ýa-da çykdajylara getirýän dürli hili obýektiw hem-de subýektiw bökdençlikler ýüze çykyp bilýär. Olaryň hataryna iş wagtynyň rasional däl görnüşde peýdalanylmagyny, býujet serişdeleriniň täsirsiz paýlanylmagyny, kompaniýanyň bölümçeleriniň arasynda ýaramaz koordinirliligiň bolmagyny, müşderileriň gyzyklanmalarynyň peselmegini we brendiň az derejede tanalmagyny, şeýle-de işde nädogry ýa-da ýalňyş maglumatlaryň ulanylmagyny degişli etmek bolar.

«Arassa Nusga» kompaniýasy şu hili meseleleri çözmäge bolan döwrebap toplumlaýyn çemeleşmäni hödürleýär. Bu çemeleşme şeýle aýratynlyklary özünde jemleýär:

  • biznes prosesleriniň netijeli çözgütlerini tapmak işi (optimizasiýa);
  • organizasion anyklaýyş işini geçirmek;
  • satuwlary dolandyrmagyň gurallaryny işläp taýýarlamak;
  • mobil goşundylary we web saýtlary işläp düzmek;
  • hasabatlary we analitika gurallaryny awtomatlaşdyrmak;
  • täze hasaba alyş ulgamyny girizmek ýa-da bar bolanynyň üstüni ýetirmek;
  • taslamalary, aragatnaşygy hem-de satuwlary dolandyrmak üçin «Bitriks 24» ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak;
  • müşderileriň isleglerini ýokarlandyrmak we gyzyklanmalaryny artdyrmak maksady bilen, okuw sapaklaryny we tejribeleri geçirmek.

Kompaniýanyň işi bilen, şeýle hem onuň müşderilere ýetirýän hyzmatlary bilen arassanusga.com saýtyndan tanşyp bolýar. Kompaniýanyň esasy iş nokadynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 24-nji jaý, «Kendir» binasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 75 47 99, (+993 61) 64 86 05. Elektron poçtasynyň salgysy: info@arassanusga.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň