Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedildi

22:5030.03.2023
0
42531

«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Arkadag şäheriniň häkimligi diýlip atlandyryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Arkadag şäheriniň häkimligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Şeýle hem Arkadag şäherinde Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň döredilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň häkimlikleri döredildi.

Arkadag şäheriniň häkimligine Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň häkimlikleriniň gurluşlarynyň taslamalaryny, işgär sany baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň