Türkmenistanyň 3×3 basketbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň esasy tapgyryna çykyp bilmedi

23:1230.03.2023
0
39585

Türkmenistanyň 3×3 basketbol boýunça milli ýygyndysy Singapurda geçirilýän Aziýanyň kubogy ― 2023-iň esasy tapgyryna çykyp bilmedi.

Türkmen ýygyndysy saýlama tapgyryň «B» toparçasynyň ahyrky duşuşygynda Täze Zelandiýadan 10:21 hasabynda utuldy. Ýygyndy ozalky duşuşyklarynda Tonga Patyşalygyny 19:15 hasabynda ýeňip, Koreýadan 8:15 hasaby bilen utulypdy.

Şeýlelikde, 37 utukly türkmen ýygyndysy toparçada üçünji orny eýeledi. Ýaryşyň final tapgyryna 62 utukly Täze Zelandiýa çykdy.

Ýewgeniý Nazipowdan, Merdan Hojamedowdan, Annaguly Hojagulyýewden we Şalar Hydyrowdan ybarat düzüme Toýly Baýryýew tälim berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň