Donni Ýen Tarantinony Brýus Liniň üstünden gülmekde aýyplady

16:4130.03.2023
0
38264
Donni Ýen Tarantinony Brýus Liniň üstünden gülmekde aýyplady
Surat: uznayvse.ru

Hytaýly aktýor, režissýor we prodýuser Donni Ýen (hakyky ady Çžen Szydan) amerikan kinoçysy Kwentin Tarantinony gonkongly rowaýaty aktýor Brýus Lini ýaňsylamakda aýyplady. Onuň sözlerine görä, Tarantino «Bir gezek... Golliwudda» filminde merhum Brýus Liniň şahsyýetini ýaňsylady. Ýen bu barada «Variety» neşirine beren interwýusynda aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Hemmeleriň öz şahsy pikirini aýtmaga hukugy bar, Kwentin Tarantino örän belli režissýor, onuň öz pikirini aýtmaga hukugy bar, meniňem hukugym bar. Ol Brýusy ýaňsylady diýip pikir edýärin. Bu gelşiksiz ýagdaý» diýip, golaýda prokata çykan «Jon Uik 4» filminde esasy keşleriň birini döreden hytaýly aktýor nygtady.

«Bir gezek... Golliwudda» filminiň sahnalarynyň birinde toslama gahryman Kliff But surata alnyş meýdançasynda Brýus Li bilen jedele girip, olar başa-baş söweşýärler. Netijede, But Brýus Lini ýeňýär.

Bu görnüş rowaýaty aktýoryň gyzy Şennon Liniň gaharyny getirdi. Ol Tarantinony «jogapkärçiliksiz» diýip atlandyrdy hem-de ony öz kakasyny filmde «gopbam» adam hökmünde suratlandyrmakda aýyplady.
Emma Tarantino Şennon Liniň duýgusyna düşünýändigini aýtmak bilen oňdy hem-de ötünç soramady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň