Soňky habarlar

Arhiw

Myrat Ýagşyýew «Neftçiniň» 2023-nji ýyldaky möwsüm üçin beren sanawyna girizildi

19:2929.03.2023
0
36571

«Neftçi» kluby Gyrgyzystanyň premýer-ligasynyň 2023-nji ýyldaky möwsümine gatnaşjak oýunçylarynyň sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Myrat Ýagşyýew hem girizildi. Sanawda türkmenistanly hüjümçiniň 11-nji belgili köýnekçede hereket etjekdigi görkezilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, 31 ýaşly Myrat Ýagşyýew 2023-nji ýylyň mart aýynda «Neftçiniň» düzümine erkin agent hökmünde goşulypdy. Mundan ozal ol Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynda çykyş edýärdi.

Ýagşyýewiň «Neftçi» bilen baglaşylan şertnamasy 1 ýyla niýetlenendir. Myrat Ýagşyýew häzire çenli AFK Kubogynda 28 oýna gatnaşdy hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 12 gezek meýdança çykdy.

Gyrgyzystanyň premýer-ligasynyň täze möwsümi 2-nji aprelde başlanar. Ýaryş üç aýlawdan ybarat bolar. Futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionatynyň ýokarky ligasyna şu ýyl 10 topar gatnaşar. Olar:

«Abdyş-Ata», «Alaý», «OşMU-Aldiýer» (ikisi hem Oş), «Alga», «Dordoý», «Ilbirs» (ählisi Bişkek), «Kara-Balta» (Kara-Balta), «Muras Ýunaýted» (Jalal-Abad) hem-de «Talant» (Beş-Kungeý).

2022-nji ýylda Gyrgyzystanyň çempiony Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» topary boldy. Geçen möwsümde çempionatyň kümüş medaly «Alaýa», bürünç medal bolsa «Alga» nesip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň