Soňky habarlar

Arhiw

Nowak Russiýanyň nebitiň eksportyny artdyrandygyny habar berdi

16:3929.03.2023
0
28424
Nowak Russiýanyň nebitiň eksportyny artdyrandygyny habar berdi
Surat: dp.ru

Russiýa geçen ýylda nebitiň daşary bazarlara, şol sanda Hytaýa eksportyny artdyrdy, bu barada RF-niň wise-premýeriniň orunbasary Aleksandr Nowak ýurduň Energetika ministrliginiň ýygnagynda habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

«Biziň energiýa gorlarymyzyň köp bölegi dostlukly ýurtlarymyzyň bazarlaryna ugur aldy. Eger mysal hökmünde aýtsam, geçen ýyl Hindistana eksport edýän nebitimiziň möçberi 22 esse ýokarlandy. Hytaýa eksportymyz hem artdy. Bularyň ählisi pudakda durmuşa geçiren uly işlerimiziň miweleridir» diýip, Nowak belledi. Hökümet başlygynyň orunbasary soňra ýurduň «Rossiýa 24» teleýaýlymyna beren interwýusynda Hytaýa nebitiň eksportunyň geçen 2022-nji ýylda 8 göterim, kömrüň eksportunyň bolsa, has artandygyny aýtdy.

Nowak şeýle-de rus nebitiniň, gazynyň, esasan-da suwuklandyrylan gazynyň, nebit önümleriniň hem-de kömrüň geljekde-de dünýäde, aýratyn hem Aziýada uly islegden peýdalanjakdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň