«Alpha Flowers» dükany ter güllerden baglanan çemenleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

13:3929.03.2023
0
43689

«Alpha Flowers» güller dükany ajaýyp görnüşde bezelen hem-de ter güllerden düzülen gül desseleriniň örän giň görnüşlerini alyjylara ýetirýär.

Bu ýerde işleýän ussat floristler sargyt esasynda bägül, çigildem, hrizantema, giasint, gerber we beýleki dürli görnüşdäki güllerden owadan çemen baglaýarlar. Bu ýerde müşderileriň isleglerine görä, ýubileýler, doglan günler, toý dabaralary üçin gül bezegleri hem ýerine ýetirilýär.

«Alpha Flowers» dükany «Umytly ýol» hususy kärhanasynyň bir bölegi bolupdurýar. Kärhananyň düzümine şeýle-de özbaşdak sargytlar esasynda mebel önümlerini taýýarlap berýän «Alpha Home» dizaýn studiýasy hem girýär. Güller — kärhananyň işiniň şu ýylda ýola goýan täze bir ugrudyr. Aslynda, «Umytly ýol» kärhanasynyň dizaýn bilen baglanyşykly giň gerimde alyp barýan işinde gül bezegleri hem interýeriň özboluşly aýratynlygy hökmünde çykyş edýär.

«Alpha Flowers» dükany gül çemenlerini Aşgabat şäheriniň islendik ýerine eltip berýär. Gül çemenini (+993 65) 66 10 10 telefon belgisine jaň edip, şeýle-de dükanyň sosial media ulgamyndaky sahypasyndan sargyt edip bolýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň