Gündogar Awstriýada Şikzee köli tutuşlygyna gurady diýip, «Habar 24» ýazýar. Ýurt guraklykdan ejir çekmegini dowam edýär, Awstriýanyň çäginiň ýarysynda ýerasty suwlaryň derejesi peseldi. Muňa ýagynsyzlyk sebäp boldy. Awstriýada geçen gyşda ygal kadadan üçden bir esse az düşdi.
Guran kölüň düýbünde müňlerçe ölen balyklary synlamak bolýar. Ýerli ýaşaýjylar heläkçiligiň öňüni almaga mümkinçiligiň bolandygyny aýdýarlar. Walter, ýerli ýaşaýjy: «Biz kölüň gurajakdygyny bilýärdik. Eger häkimiýetler balyklary irräk halas etmäge girişen bolsadylar, olaryň köp bölegini halas edip bolardy. Muňa seretmegem gorkunç, öli balyklary bärden konteýnerlerde äkitdiler» diýip, gürrüň berýär.
Habar beriş serişdeleri ýerli ilatyň guran kölüň düýbünden gadymy şaýylyk pullary gözleýändigini ýazýar.