Imran Ahundow Täjigistandaky tennis ýaryşlarynyň ilkinjisini iki medal bilen tamamlady

12:4428.03.2023
0
28121

Türkmenistanly tennisçi Imran Ahundow 18 ― 25-nji mart aralygynda Duşenbe (Täjigistan) şäherinde Aziýanyň Tennis federasiýasynyň 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçiren açyk çempionatynda iki medala ― kümüş we bürünç baýraklara mynasyp boldy.

Bu barada Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Aşgabadyň tennis akademiýasynyň wekili jübütleýin duşuşykda özbek türgeni Akmal Arabjanow bilen bilelikde çykyş edip, kümüş medal gazandy. Final duşuşygynda türkmen-özbek jübüti 7:6 6:1 hasabynda gazak-täjik dueti Alekseýew-Moştagifarddan asgyn geldi.

Mundan başga-da, Imran Ahundow üçünji ýer ugrundaky ýekeleýin oýunda Gazagystanyň wekili Marsel Alekseýewi ýeňmek bilen bürünç medala mynasyp boldy.

Aziýanyň Tennis federasiýasynyň 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen açyk çempionatyna 14 döwletden 60-dan gowrak türgen gatnaşdy. Öňde Mirali Gasanowyň şägirdine Täjigistanda üç ýaryşdan ybarat bäsleşikleriň tutuş toplumy garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň