Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylda ykdysady ösüşiň üçden bir bölegi Hytaýyň paýyna düşer

13:4627.03.2023
0
28266
2023-nji ýylda ykdysady ösüşiň üçden bir bölegi Hytaýyň paýyna düşer
Surat: evo.business

2023-nji ýylda dünýäniň ykdysady ösüşiniň üçden bir bölegine golaýy Hytaýyň paýyna düşer. Bu barada Halkara Pul gaznasynyň paýlaýjy-direktory Kristalina Georgiýewa Pekinde geçen Hytaýyň ösüşi boýunça forumda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada «Caixin» maliýe neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.

«Hytaýyň ykdysadyýetiniň güýçli dikelmegi 2023-nji ýylda onuň paýyna dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň üçden bir böleginiň degişli boljakdygyny görkezdi. Bu bolsa, öz gezeginde dünýä ykdysadyýetine güýçli itergi berer» diýip, Georgiýewa nygtady.

HPG-iň direktory Hytaýyň jemi içerki önüminiň bir göterim punktda ösmeginiň beýleki aziýa ykdysadyýetlerinde jemi içerki önümiň 0,3 göterim punktlyk ösüşe getirjekdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň