Türkmen wekiliýeti BMG-de ählumumy suw meselesi boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Has takygy, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 22 – 24-nji martynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda «Durnukly ösüş üçin suw: 2018 – 2028-nji ýyllar» atly halkara hereketleriň onýyllygynyň maksatlaryna giňişleýin syn bermek boýunça geçirilen BMG-niň konferensiýasyna gatnaşdy.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň suw diplomatiýasy boýunça eýeleýän ornuny we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynda ýurduň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi.
Hususan-da, Türkmenistanyň suw meselesine bolan çemeleşmesiniň suwuň adamzadyň umumy emlägidigi we arassa agyz suwuna deň hem-de adalatly elýeterliligiň her bir adamyň esasy hukugydygy ýörelgesinden gelip çykýandygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, esasan hem, ählumumy saglyk we azyk howpsuzlygy çökgünlikleriniň häzirki kyn şertlerinde suwdan peýdalanmak hukugyny üpjün etmek döwletlerden has-da jogapkärçilikli hereket etmegi talap edýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň sebitdäki ýüze çykýan suw we energetika meseleleriniň üç ýörelge esasynda çözülmeginiň tarapdarydygy nygtaldy. Olar,
- birinjiden, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda;
- ikinjiden, her bir ýurduň milli bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen;
- üçünjiden, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagy bilen.
Türkmen tarapy öz çykyşynda suw diplomatiýasynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini belläp, suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak we daşky gurşaw meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, hususan-da, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp düzmek, BMG-niň Aral deňzi ýörite maksatnamasyny döretmek we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine garşy tehnologiýalar üçin sebit merkezini döretmek ýaly birnäçe milli başlangyçlary öňe sürdi. Şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýyl Täjigistan tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Bütindünýä banky bilen bilelikde gurnalan «Merkezi Aziýa: Suw hereketleri maksatnamasy boýunça borçnamalar» atly ýokary derejeli çärä hem gatnaşdy.
Ýeri gelende bellesek, foruma dünýä boýunça 7 sany döwlet we Hökümet baştutany, 70-den gowrak ministr çagyryldy. BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş konferensiýanyň açylyş dabarasynda çykyş edip, ählumumy suw ýetmezçiligini ýeňip geçmek üçin aşakdaky dört ugurda bilelikdäki tagallalary birleşdirmegi teklip etdi:
- suwa deň elýeterlilik;
- suw dolandyryşyna maýa goýumlary artdyrmak;
- suw baýlyklaryny tygşytly sarp etmek;
- howanyň üýtgemegine garşy göreşmek.