Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan-Hytaý ýaşlarynyň dostlukly atçylyk toplumy açyldy

17:4823.03.2023
0
23786
Türkmenistan-Hytaý ýaşlarynyň dostlukly atçylyk toplumy açyldy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy Hytaýyň Atçylyk Assosiasiýasy hem-de «Pekin Şerwud Atçylyk kluby» bilen bilelikde Halkara Nowruz baýramyny, şeýle-de ady agzalan klubuň esasynda, Türkmenistanda yglan edilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli Türkmenistan-Hytaý ýaşlarynyň dostlukly atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyny geçirdiler.

Bu çärä dünýäniň 50-den gowrak ýurtlaryndan we sebitlerinden 200-den gowrak myhman, şol sanda ilçiler, diplomatlar, hytaý döwlet edaralarynyň, parahatçylyk we dostluk jemgyýetleriniň, halkara we sebit guramalaryň, döwlet we hususy kärhanalaryň wekilleri, şeýle-de türkmenistanly we hytaýly ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

«Pekin Şerwud Atçylyk klubunyň» atçylyk manežinde Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we horjunlar, el keşdeleri bilen bezelen milli lybaslar ýerleşdirildi, dutaryň we gopuzuň owazy, milli küşdepdi tansy ýerine ýetirildi, şol sanda türkmen milli tagamlary hödür edildi. Şeýle hem çäräniň barşynda türkmen we hytaý talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny öz dillerinde okadylar.

Hytaýyň Atçylyk Assosiasiýasynyň Baş Sekretary Ýue Gaofene we «Pekin Şirwud Atçylyk klubunyň» ýolbaşçysy Luan Şuna hormatly Arkadaga we Türkmenistanyň Prezidentine Bedew baýramy mynasybetli Türkmenistana sapar bilen barmaklaryna mümkinçilik döredendikleri üçin hoşallyk bildirdiler.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi Hytaýyň öňdebaryjy «China Global Television Network» we «Phoeniks» teleýaýlymlary bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň