Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun Russiýa garşy oýnamaz

17:1920.03.2023
0
70987

Eýranly türkmen asylly hüjümçi Serdar Azmun ýurduň milli ýygyndysynyň Russiýanyň ýygyndysy bilen boljak oýnuna gatnaşmaz. Bu barada Eýranyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy habar berýär.

«Serdar Azmun Eýranyň milli ýygyndysynyň mart aýyndaky ýygnanyşygyna gatnaşmaz. Şeýlelikde, hüjümçi Russiýanyň milli ýygyndysyna garşy geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygynda oýnamaz.

Munuň sebäbi futbolçynyň şahsy durmuşy bilen bagly. Şonuň üçin hem biz bu barada başga maglumat berip bilmeris» diýip, Eýranyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy habarynda beýan edilýär.

Ýeri gelende bellesek, Eýranyň milli ýygyndysy 23-nji martda Russiýa bilen, 28-nji martda bolsa Keniýa bilen ýoldaşlyk oýunlaryny geçirer. Serdar Azmun bu oýunlaryň ikisine hem gatnaşmaz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň