Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emiri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi

14:1020.03.2023
0
46585

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow düýn iki günlük sapar bilen Katara Döwletiniň paýtagty Doha şäherine bardy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Katara döwlet saparynyň çäklerinde ir bilen bu ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Şeýle-de şu gün giňeldilen düzümde hem-de ikiçäk görnüşde ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleri geçirildi.

Kataryň Emiriniň köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümdäki gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saparyna döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa hökmünde baha berilýändigi nygtalyp, türkmen-katar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, sebit we halkara meýdançalarda birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldamak tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigi barada aýdylyp, ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Agzalan ugurlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler türkmen-katar gepleşikleriniň esasyny düzdi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçiren ikiçäk görnüşdäki gepleşikleriniň barşynda bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň gün tertibine girizilen meseleler, türkmen-katar gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikiçäk görnüşdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň