Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Doha şäherine bardy

21:1119.03.2023
0
35052

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletine iki günlük döwlet sapary başlany.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Döwlet Baştutanynyň sapary mynasybetli Doha şäheriniň «Hamad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Kataryň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny ýurduň resmi wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar Döwletiniň Emiriniň ikiçäk gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýokary derejeli duşuşyklaryň jemleri boýunça gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalar türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň