Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk görülýändigini habar beripdik.
«Al-watan» arap elektron neşiriniň habar bermegine görä, şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti sapar bilen Kataryň paýtagty Doha şäherine barar.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň Emiri Tamim bin Hamad Al Tani bilen duşuşar. Giňişleýin düzümde geçiriljek türkmen-katar gepleşikleriniň dowamynda ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça käbir resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Türkmen wekiliýetiniň Katara amala aşyrjak saparynyň çäklerinde bu ýurtda Türkmenistanyň ilçihanasy açylar.