Arhiw

Katarda Türkmenistanyň ilçihanasy açylar

22:1117.03.2023
0
32989

Habar berşimiz ýaly, ýakyn günlerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletine resmi sapary amala aşyrar.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabr aýynda ýola goýuldy. Şu saparyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasyny açmak meýilleşdirilýär. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam eder.

Nobatdaky ýokary derejeli gepleşikler däp bolan türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berer. Onuň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň, halkara guramalardaky wekilleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Katar Döwletinde (Doha şäheri) Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň