Turkmenportal logo
09.12.22
3226032260
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Katarda Türkmenistanyň Ilçihanasy açylar

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň, halkara guramalardaky wekilleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.


Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Katar Döwletinde (Doha şäheri) Türkmenistanyň Ilçihanasyny açmak hakyndaky Permana gol çekdi.