Şeron Stoun bankyň batmagy sebäpli emläginiň ýarpysyny ýitirdi

12:5020.03.2023
0
27072
Şeron Stoun bankyň batmagy sebäpli emläginiň ýarpysyny ýitirdi
Surat: uznayvse.ru

Meşhur amerikan aktrisasy Şeron Stoun «Silicon Valley Bank» maliýe edarasynyň batmagy bilen baglylykda öz emläginiň ýarysyny ýitirendigini habar berdi, bankyň batandygy barada habar berlen güni – 10-njy martda kino ýyldyzy özüniň 65 ýaşyny baýram edýärdi diýip, «Vesti.ru» ýazýar.

«OK!» neşiriniň ýazmagyna görä, aktrisa öz maliýe kynçylyklary barada: «Men edil şu wagt bank kynçylyklary sebäpli öz pullarymyň ýarysyny ýitirdim» diýdi.

Ýeri gelende, aýtsak, 10-njy martda ABŞ-da ululygy boýunça 6-njy orunda durýan «Silicon Valley Bank» özüniň batandygyny yglan edipdi. Onuň müşderileriniň arasynda meşhur adamlaryň hem köpdügi habar berilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň