Soňky habarlar

Arhiw

BMG: iki milliard adam agyz suwuna mätäçlik çekýär

15:2917.03.2023
0
23212
BMG: iki milliard adam agyz suwuna mätäçlik çekýär
Surat: news.israelinfo.co.il

Dünýäde iki milliarddan gowrak adam agyz suwuna mätäçlik çekýär. Olaryň 733 milliony suw gytlygy ýiti duýulýan ýurtlarda ýaşaýar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň suw gorlary boýunça maslahatynyň öňüsyrasynda habar berdiler diýip, «Habar 24» ýazýar.

Hünärmenleriň pikirine görä, bu XXI asyryň esasy meselesidir. Bu barada guramanyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça edarasynyň başlygy Lotta Tahtinen: «Eger häzirki depgin 2030-njy ýyla çenli dowam etse, millionlarça adamlar kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Iki ýarym milliard adam bolsa antisanitariýa şertlerinde ýaşamaly bolar» diýýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň