Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy

12:1617.03.2023
0
24835

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Bu tapgyrda «Migrasiýa» bilen «Turan» toparlaryny ýeňlişe sezewar eden «Gümrükçidir» «Köpetdag» toparlary toplan 9 utuklary bilen ýaryş tertibinde öňdäki orunlary eýeleýärler. 6 utukdan toplan «Deňizçi» bilen «Senagatbank» toparlary üçünji, dördünji orunlary eýeleýärler.

Türkmenistanyň futzal çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary 26-njy aprelde geçiriler. Çempionatyň 4-nji tapgyryndan 11-nji tapgyry aralygyndaky duşuşyklaryň Aşgabat şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys.

3-nji tapgyryň netijeleri:

«Köpetdag» – «Turan» – 5:2

«Senagatbank» – «Deňizçi» – 1:3

«Gümrükçi» – «Migrasiýa» – 2:1

TNGIZT – «Milli goşun» – 2:1

4-nji tapgyryň duşuşyklary (26.04.2023 ý.):

Oýun 13

«Turan»

«Milli goşun»

10:00

Oýun 14

«Migrasiýa»

TNGIZT

12:00

Oýun 15

«Deňizçi»

«Gümrükçi»

14:00

Oýun 16

«Köpetdag»

«Senagatbank»

16:00

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň