Ýedi ýaşly hindi gyzjagazy ýoga boýunça iň ýaş hünärmen diýlip yglan edildi

17:5516.03.2023
0
34992

Hindistandan Praanwi Gupta atly ýedi ýaşly mekdep okuwçysy «Ýoutube»-däki ýaýlymynda zö sahypasyny ýöredýär, ol ýoga boýunça gyzyklanýanlara sapak berýär. Gyzjagaz iň ýaş ýoga instruktory hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Gupta ýoga bilen 3,5 ýaşyndan bäri meşgullanyp gelýär, ýedi ýaşanda ene-atasy ony bu ugurdan hünärmene okuwa berdiler, taýýarlygyň dört aýlyk okuwyny üstünlikli tamamlan gyzjagaz indi bu kärde işleýär.

Praanwiniň maşgalasynda ýoga bilen meşgullanýanlar bar. Indi ol bu ugurdan hünärmen-mugallym boldy, öz ýoga derslerini ýazgy edip, sosial ulgamlarda ýerleşdirýär.

Ýoga Hindistanda mundan 2,5 müň ýyl öň döräpdir, onuň meşhurlygy häzir ýylsaýyn artýar. Her ýyl ýoganyň watanyna daşary ýurtly jahankeşdeleriň müňlerçesi ýerli mugallymlardan sapak almak üçin gelýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň