Turkmenportal logo
16.03.23
2375423754
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

Şu gün futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Liganyň täze möwsümine Daşoguz şäherinde badalga berlendigini ýatladýarys.


Günüň ilkinji duşuşygy sagat 10-da başlanar. Bu duşuşykda «Köpetdag» bilen «Turan» güýç synanyşar. Yzda galan iki tapgyrdan soň «Köpetdagyň» 6, «Turanyň» bolsa 1 utugy bar.


Iki tapgyrda 6 utuk ýygnamagy başaran başga bir topar ― «Senagatbank» sagat 12-de başlanjak duşuşykda geçen tapgyrda «Köpetdagdan» asgyn gelen «Deňizçi» bilen güýç synanyşar. Ýaryş tertibiniň häzirki ýagdaýyny nazarda tutup, bu duşuşygy tapgyryň oýny hökmünde häsiýetlendirip bileris.


Sagat 14-de «Gümrükçi» bilen «Migrasiýanyň» arasyndaky duşuşyk başlanar. «Gümrükçi» hem täze möwsüme üstünlikli başlap, ilkinji iki duşuşykda utuk ýitirmedik toparlaryň biri. «Migrasiýa» bolsa möwsümde heniz utuk gazanyp görenok.


Günüň duşuşyklary öýlän sagat 16-da başlanjak TNGIZT ― «Milli goşun» duşuşygy bilen tamamlanar. Bu jübütleriň ilkinji wekili geçen tapgyrda ilkinji utugyny gazanan bolsa, «Milli goşunda» heniz utuk ýok.


3-nji tapgyrdan soň çempionat Aşgabat şäherine göçüriler. 4-nji tapgyryp duşuşyklary 26-njy aprelde geçiriler.