«AMAKids» çagalar üçin iňlis dili okuwlarynda 20% arzanladyş yglan edýär

10:0716.03.2023
0
31359

«AMAKids» intellekti ösdürmek akademiýasy 5-den 16 ýaşa çenli çagalary iňlis dili okuwlaryna çagyrýar we okuwlarda 20% möçberde arzanladyş mümkinçiligini döredýär.

«AMAKids-de» iňlis dili öwredilende özboluşly bilim usullary peýdalanylýar, olar işlenilip düzülende diňe bir tejribeli pedagoglar däl, eýsem, dili bilýänler bilen hyzmatdaşlykda geým-dizaýnerler, aktýorlar we diktorlar hem işlediler.

«AMAKids-de» okatmak işi öwrediji oýunlaryň, hususy «Speaking Club» gurnagyndaky giňişleýin dil bilimi tejribesiniň, onlaýn-platformalaryň (web-gollanmalar, elektron sözlükler, ykjam programmalar) peýdalanylmagy we toparlaýyn bäsleşiklere gatnaşmak esasynda guralandyr.

«AMAKids-de» bilim almak bilen, çagalar diňe bir sözleýiş ukyplaryny özleşdirmän, eýsem, sowatly ýazmagy, erkin gürlemegi, hatda iňlis dilinde pikirlenmegi hem öwrenýärler. Okuw işinde häzirki zaman tehnologiýalar bilen sazlaşdyrylyp, oýun esaslary işjeň peýdalanylýar.

Çagaňyzy «AMAKids» akademiýasynda iňlis dili okuwlaryna ýazdyrmak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 63) 63 91 92 we (+993 62) 52 56 38.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň